paroles de chanson / Era89 parole / Aşgabat Agşamlaryň lyrics  | ENin English

Paroles de Aşgabat Agşamlaryň

Interprètes Era89Selbi Tuwakgylyjowa

Paroles de la chanson Aşgabat Agşamlaryň par Era89 lyrics officiel

Aşgabat Agşamlaryň est une chanson en langue indéterminée

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Dogulyp, önüp-ösen ýerim - mährem şäherim
Sähel äheňimde gaýgy bolsa duýýarsyň senem
Terbiýäm saňa mälim, mekdebiňde aldym tälim
Nirede bolamda-da ýolum, saňa tarap ädim
Asmandan seredemde uçamda uçarda
Aklygyňda duýýan özümi misli uçmahda
Hiçmahal görmändim men beýle ajap suraty
Aşyklaryň şäheriniň söýgider syraty
Käte men keýpine küýsäp bir salym howaňy
Tükeniksiz çatryklaryň ýeke bolýan dowamy
Alişer Nowaýy, Andalip ýa Şaýoly
Islendik künjegiňde perwana kalbym doly
Sen janly syrdaş, sen wepaly dost hem öýüm
Seň bilen göwnüme düwen zadym tapýar ýerin
Gutlaýan ýubileýiň - bir ýüz kyrk ýaşyňy
Senden alýan ylhamy - Aşgabadyň agşamy

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Tarypyňam söz bilen
Hem-de şirin saz bilen
Aýlap älem jahana
Ýakymly owaz bilen

Döwrebap görküň, alar erkini her kimiň
Berkeýärkä binýadyň öwrülip ertekä her güniň
Ýüreklerde ýörgünli aýdym sen hakda taryp
Bu günki üstünligiňe guwanýar geçmişli taryh
Daň güneşiň şöhlesinden gije aý yşygyna
Ýaz, tomus, güýz, gyş sen öz gelşigiňde
Ýer şarynda öwrüldiň - Aziýanyň merjenine
Ak paýtagtyň ak ýoly eltýär röwşen geljegiňe
Göýä sazyň owazyna maýyl bolasy gelip
Çüwdürimler bäs edýär özara başyny egip
Gelip giden myhmanyň hersi saňa haýranly
Köpetdagly başyň görjek kän gözler armanly
Gözýetimiňde uzan arzuwlam hasyl, şükür...
Bar eziz ogul-gyzym, başga bagty etmen pikir
Seň boýnuňda däl ýeke, ähli ýürekler bir bitin
Aşgabat – her harpyňda ullakan söýgi ýatyr

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar

Aşgabat agşamlaryň gözelligiňe görk goşar,
Aşgabat agşamlaryň kalbym ýüregim joşar
Droits parole : paroles officielles sous licence Lyricfind respectant le droit d'auteur.
Reproduction des paroles interdite sans autorisation.

Commentaires sur les paroles de Aşgabat Agşamlaryň

Nom/Pseudo
Commentaire
Copyright © 2004-2024 NET VADOR - Tous droits réservés. www.paroles-musique.com
Connexion membre

Se connecter ou créer un compte...

Mot de passe oublié ?
OU
CREER COMPTE
Sélectionnez dans l'ordre suivant :
1| symbole à droite de la calculatrice
2| symbole à gauche de la maison
3| symbole en haut de la cible
grid grid grid
grid grid grid
grid grid grid